Türkmen döwlet ykdysadyýet
we dolandyryş instituty

Habarlaşmak
Türkmen döwlet ykdysadyýet
we dolandyryş instituty
icon-close
Habarlaşmak
F.A.A*
E-poçta*
Hatyňyz*
Institutyň taryhy
Institutyň taryhy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başda durmagynda ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny ykdysadyýet bilen berk utgaşdyrmak, jemgyýetiň bar bolan ähli mümkinçiliklerini doly güýje girizmek we şonuň esasynda Türkmenistany innowasion döwlete öwürmek, häzirki zaman ýokary tehnologik senagaty kemala getirmek,  bäsdeşlige ukyply taýýar önümleri öndürmek döwletimiziň baş strategik ugry bolup durýar. Şu maksady durmuşa geçirmekde ýokary derejeli ykdysatçy hünärmenlere uly orun degişli bolup, olar Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda taýýarlanylýar.

Institut 1980-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmen halk hojalyk instituty ady bilen Türkmen döwlet uniwersitetiniň binýadynda döredildi.       

Ykdysadyýetde bazar gatnaşyklaryny ösdürmäge uly goşant goşjak ýokary derejeli hünärmenleri häzirki zaman talaplaryna laýyklykda taýýarlamagyň we olaryň hünärini ýokarlandyrmagyň bitewi ulgamyny döretmek şeýle hem ýurdumyzyň dünýä ykdysady bileleşigine işjeň goşulyşmagyny üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti 2008-nji ýylyň 14-nji aprelinde Türkmen halk hojalyk institutynyň adyny üýtgedip, ony Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty diýip atlandyrmak baradaky Karara gol çekdi. 2011-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň hut özi gelip, dünýä ülňülerine laýyk gelýän, iň kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylan ajaýyp ykdysady şäherçesini açyp berdi.

Täze binanyň okuw otaglary dünýä talaplaryna laýyk sapaklary geçirmäge niýetlenilip, olar interaktiw tagtalar, kompýuterler bilen enjamlaşdyrylandyr. Institutda jemi 24 sany kompýuter okuw otagy, 8 sany lingafon kabinet bar. 120, 84, 60 we 40 adamlyk okuw otaglarynyň hemmesinde interaktiw tagtalar oturdylyp, olarda distansion (daş aralykdan) sapaklar hem gurnalýar. Mugallymlara, talyplara optiki süýümli, ýokary tizlikli internet ulgamyndan peýdalanmaga doly mümkinçilikler döredilendir. Institutdaky kompýuterler tor arkaly birleşdirilip, elektron resminama dolanyşygy ýola goýuldy. Bu bolsa içerki we daşarky resminama dolanyşygyny özünde jemleýär. Şonuň ýaly-da elektron kitaphana ulgamy döredilip, ol mugallymlaryň we talyplaryň maglumat üpjünçiligini kanagatlandyrmakda, wagtlaryny tygşytlamakda amatly şertler döredýär.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň binalar toplumynda talyplar üçin niýetlenen 2 sany ýaşaýyş jaýy bolup, onda ähli amatlyklar döredilendir.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda häzirki wagtda hünärmenleri taýýarlamak Ykdysadyýet, Maliýe, Menejment we Marketing fakultetlerinde alnyp barylýar, şeýle-de Hünäri ýokarlandyryş fakulteti bolup, onda ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, bank ulgamynyň we dürli kärhanalaryň hünärmenleri goşmaça taýýarlyk okuwyny geçýärler. Institutda Buhgalterçilik  hasaba alnyşy we audit, Statistika, Ykdysadyýet we hukuk, Ykdysady nazaryýet, Maliýe,  Bank işi, Sanly ykdysadyýet,  Menejment, Maglumat ulgamlary, Dünýä ykdysadyýeti, Marketing, Zähmetiň ykdysadyýeti ýaly gutardyş kafedralary hereket edýär. Şonuň ýaly-da Jemgyýeti öwreniş ylymlary, Daşary ýurt dilleri, Ýokary matematika we informatika, Bedenterbiýe ýaly fakultetara kafedralar hereket edýär.

Okuw binalarynda kompýuterler, proýektorlar bilen enjamlaşdyrylan okuw otaglary, internet ulgamyna birikdirilen kompýuter otaglary hereket edýär. Şeýle hem okuw binalarynda birnäçe ýöriteleşdirilen okuw otaglary bar.

Institutda sport zaly, sport meýdançalary talyplara beden terbiýesini bermekde hyzmat edýär. Institutymyzyň talyp türgenleri ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda, halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

Institutda hereket edýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň baýragynyň eýesi «Hazyna» aýdym-saz we tans  topary baýramçylyk çärelerinde, döwlet konsertlerinde, tele-radio ýaýlymlarda yzygiderli çykyş edip, halkyň söýgüsine mynasyp bolýarlar.

Täzelikler
2025-08-10

47

Talyplaryň ýürek buýsanjy

Men Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 1-nji ýyl talyby Resul Jumaýew.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň bilim ulgamy täze derejelere ýetýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän döwlet syýasaty ýaşlara giň mümkinçilikleri döredýär. Şol giň mümkinçilikleriň miwesi hökmünde men, 2025–2026-njy okuw ýylynda Türkmen döwlet  ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby bolmak bagtyna eýe boldum.

2024-nji ýylda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň guramagynda geçirilen matematika dersi boýunça ders bäsleşiginde 2-nji orna mynasyp bolmagym hem meniň bu ugurda edýän yhlasymy we tagallalarymy görkezýär. Bu üstünlik diňe bir meniň däl, eýsem, maňa bilim beren mugallymlarymyň, goldaw beren maşgala agzalarymyň hem üstünligidir.

Men ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerine mynasyp goşant goşup biljek hünärmen bolmak isleýärin. Şunda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlaryň ykdysady taýdan sowatly bolmagy baradaky aýdan  parasatly sözleri maňa ýol görkeziji bolýar. Ykdysady düşünje bilen ýugrulan döwlet syýasaty biziň her birimize maksatly ýaşaýşyň nusgasyny görkezýär.

Men şeýle ajaýyp döwürde ýaşamak, okamak, döretmek bagtyna eýe bolanym üçin örän buýsanýaryn. Bize döredip berýän mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýaryn!

2025-08-10

27

Talyplaryň ýürek buýsanjy

Amanowa Altynaý

 

Bilim — ýagty geljegiň binýady. Men - Amanowa Altynaý, bilim ýolunda ilkinji üstünliklerimiň buýsanjyny başdan geçirýän bagtyýar ýaşlaryň biri. Täze eýýamyň ruhy bilen ösýän häzirki nesil üçin ýurdumyzda döredilýän mümkinçilikler her bir raýatyň ukyp-başarnygyna giň ýol açýar.

2024-nji ýylda Mary welaýatynyň mekdep okuwçylarynyň arasynda fizika dersi boýunça geçirilen “Ýaş innowatorlar” atly ylmy-döredijilik bäsleşiginde 3-nji orna mynasyp bolmak meniň üçin diňe bir ýeňiş däl-de, ylyma bolan söýgümiň hem-de geljekde ylmy taýdan ösdürmek isleýän ýolumy kesgitleýän möhüm ädim boldy. Bu üstünlik meniň döretmäge bolan höwesimi artdyrdy we täze gözýetimler açdy.

Şeýle hem, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda bäsdeşlik esasynda geçirilen synaglardan üstünlik gazanyp, talyp adyna mynasyp bolmagym meniň üçin beýik ynamyň hem-de borjuň nyşanydyr. Bu ýol diňe bir şahsy üstünlik däl - bu, ýurdumyzda ýaşlaryň bilimli, giň dünýägaraýyşly, döwrebap pikir edýän nesil bolup ýetişmegi ugrunda görülýän döwletli aladanyň miwesidir.

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ykdysady ösüşe, ýaşlaryň innowasion pikirlenmegine, ylmy taýdan kämilleşmegine berýän aýratyn ünsleri biz ýaşlary täze maksatlardyr belent arzuwlara ruhlandyrýar.

Geljegi ykdysadyýet we ylmyň baglanyşýan ýerinde görmek isleýän talyp hökmünde, men diňe bir bilim almak bilen çäklenmän, ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmagy maksat edinýärin. Biz ýaşlara döredilen ähli mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyk bildirýärin. Goý, eziz Watanymyzda ýaşlaryň buýsançly sesleri hemişe belentden ýaňlansyn! Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimiziň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, ähli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

2025-08-06

53

Talyplaryň ýürek buýsanjy

Men Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 1-nji ýyl talyby Bossan Haýdarowa.

Ýaşlaryň bilim hazynasyna eýe bolmak arzuwynyň amala aşmagy, döwrebap bilim almagy, giň dünýägaraýyşly, ökde hünärmenler bolup ýetişmegi üçin Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda uly işler durmuşa geçirilýär. Men hem ýurdumyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän birnäçe bäsleşiklere uly höwes bilen gatnaşdym. Bu bolsa meniň ähli babatda  kämilleşmegim üçin uly itergi boldy.

Ak mekdebi tamamlap, ilkinji arzuwym okuwymy ýokary okuw mekdebinde dowam etdirmek bilen berk baglydy. Çagalygymdan kalbymda beslän hünärim bolsa ykdysatçy bolup, Watanymyzyň şöhratyna şan goşmakdy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ajaýyp tomus paslynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň bagtyýar talyby diýen hormatly ada mynasyp boldum. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ykdysadyýetiň ähli ugurlary boýunça zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, ýokary okuw mekdeplerinde täze, döwrebap hünär ugurlaryny kesgitlemek baradaky tabşyryklaryna laýyklykda, täze okuw ýylynda täze hünärleriň açylýandygyny aýtmak has-da guwandyryjydyr.

Geljekde ukyp-başarnygymy, bilim derejämi artdyryp, bar ünsümi saýlap alan hünärimi kämilleşdirmäge gönükdirmek isleýärin. Munuň üçin bolsa bizde giň mümkinçilikler bar. Döredilýän şeýle giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallygymyzy aýdýarys.

2025-08-06

47

Talyplaryň ýürek buýsanjy

Men Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 1-nji ýyl talyby Setdarowa Arzuw Öwlýagulyýewna.

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň tomus pasly meniň durmuşymda ebedilik orun aldy. Men çagalygymdan kalbymda beslän iň uly arzuwyma ýetdim. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 1-nji ýyl talyby boldum. Ykdysatçy hünärmen bolup eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmak, ykdysady ylymlaryň çuňluklaryna aralaşmak, halypa mugallymlaryň ýolbaşçylygynda täze gözýetimlere ser salmak meniň esasy ýörelgämdir. Öňümde goýan maksadyma ýetmek üçin bolsa ähli mümkinçilikleriň, şertleriň bardygyny aýratyn bellemek isleýärin. Çünki biz dünýäde diňe ösüşleri nazarlaýan iň asuda, parahat ýurduň ýaş raýatlarydyrys.

Bilime bolan çyn ýürekden höwesim we ylma bolan yhlasym meni hemişe öňe alyp bardy. Mekdep döwrümde okamak bilen bir hatarda, dürli bäsleşiklere, olimpiadalara gatnaşyp bilimimi kämilleşdirdim.

Hususan-da men Lebap welaýatynyň mekdep okuwçylarynyň arasynda 2021-nji ýylda geçirilen "Ýaş matematik" atly ylmy-döredijilik bäsleşigine gatnaşyp welaýat derejede 3-nji orna mynasyp boldum. Bu ugurda öz başarnygymy we logiki pikirleniş ukybymy görkezmäge mümkinçilik tapdym. Umuman ykdysady ugurlarda geçirilen ders bäsleşiklerine, olimpiadalaryna gatnaşyp baýrakly orunlara eýe bolmagym meniň üçin uly buýsanç bolup durýar.

Şeýle-de okuwdan daşary jemgyýetçilik işlerine, meýletinçilik başlangyçlaryna we dürli çärelere işjeň gatnaşýaryn. Bu işler meniň jemgyýet bilen gatnaşygymyň ähmiýetini has hem ýokarlandyrmaga, ýolbaşçylyk ukybymy ösdürmäge ýardam berýär. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda aljak bilimimi bolsa geljekde Watanymyzyň ykdysady ösüşine gönükdirerin.   

Biz türkmen ýaşlaryna okamaga, öwrenmäge döredilýän ähli şertler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşymyzy beýan edýärin.

Goý, ähli aladasy halkyň bähbidine gönükdirilen Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri elmydama rowaç bolsun!

2025-08-06

19

Talyplaryň ýürek buýsanjy

Rahymylla Ýagşymyradow,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 1-nji ýyl talyby:

Eziz Diýarymyz Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — iň arzyly arzuwlaryň, bagtly çagalygyň we bagtyýar ýaşlygyň ýurdy. Men 2024-2025-nji okuw ýylynda Robot tehnikasy, takyk we tebigy ugurly okuw dersinden “Akylly suwaryş ulgamy” bäsleşigiň döwlet tapgyrynda 3-nji orna mynasyp boldum.

Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda okaýarkam ýurdumyzyň ykdysadyýet ulgamynda ýokary derejeli hünärmen bolup ýetişmek hakynda arzuw edýärdim. Hut şol arzuw bilen orta mekdebi tamamlap, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna talyplyga dalaşgär hökmünde okuw resminamalarymy tabşyrdym. Giriş synaglaryndan üstünlikli geçip, institutyň talyby bolmak bagty miýesser etdi.

Indi geljekde saýlap alan hünärim boýunça nazary bilimleri özleşdirip, ykdysadyýet ugrundan ökde hünärmen bolup, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmaga goşant goşmagy maksat edinýärin. Biz — ýaşlar öňümizde goýan asylly maksatlarymyza ýetmäge we döwrebap bilim almaga döredýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýdýarys.

icon
icon
Neşirler

Göreldeli talyplar

1. Merdanow Şadyýan:

Dünýä maliýe bazary taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby

2. Berdiýewa Jennet Allaberdiýewna:

Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby

3. Sapargeldiýewa Leýli Rustamowna:

Maliýe menejmenti taýýarlyk ugrunyň 4-nji ýyl talyby

4. Şaimow Arslan Azatowiç:

Menejment taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby

5. Abaýew Ymamhasan Alladurdyýewiç :

Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (ykdysadyýetde we dolandyryşda) taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby

18312

Okyjalaryn sany

icon

2603806

Web sahypany gorenleriň sany

icon
Hyzmatdaşlar

Kazanyň Federal uniwersiteti

Belarusyň alyjylar kooperasiýasynyň söwda-ykdysady uniwersiteti

Braşowyň Transilwaniýa uniwersiteti

Daşkent dowlet ykdysady uniwersiteti

Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk maksatnamasy (CAREC)

Päkistan Yslam Respublikasynyň Maglumat tehnologiýalar instituty

Malaýziýanyň Sanweý uniwersiteti

Belarus döwlet ykdysadyýet uniwersiteti